İçeriğe geçmek için "Enter"a basın

Berdimuhammedow ogluny prezıdentlige taýýarlaýar

Berdimuhammedow ogluny prezıdentlige taýýarlaýar erkinses

Sowet soýuzynyň dargamagynyň yazýanyndan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alan Türkmenistan, ondan soň demir ýumruk bilen dolandyrylmaga dowam etdi. Türkmenistanyň ilkinji diktatory özüni “Türkmenbaşy“ diýip yglan eden Saparmyrat Nyýazow boldy. Ol tä 2006-njy ýylyň ahyryna çenli ýagny ölýänçä “Ömürlik prezident“ höküminde Türkmenistany dolandyrdy. Onuň yzýanyndan köpsanly şek-şüpheler bilen Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň 2-nji prezidenti boldy. Ol hem özüni tä ölýänçä prezident yglan etdi. Häzir bolsa ol 2006-njy ýylda eýelän prezidentlik tagtyny ogly Serdar Berdimuhammedowa tabşyrmaga taýýarlyk görýär.

Bu makalanyň Türkçe dilini şu ýerden okap bilersiňiz.

Kämil IlbegiErkin Ses metbugat guramasynyň başlygy

Berdimuhammedow 2013-nji ýylda 55 ýaşyndaka Bedew baýramy mynasybetli gurnalan bäsleşige gatnaşyp, aýlagda çapyp barýan bahaly atdan dikbaşşaklygyna ýykyldy. Ýurduň kşpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu hadysany görkezmedi. Ýöne, at çapyşygy Berdimuhammedowyň gazanandygy aýan edildi.

Türkmenistanda gün hemişe Berdimuhammedow bilen dogup, Berdimuhammedow bilen ýaşýar!

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow 2019-njy ýylda bolsa birden ýitirim boldy. Bu garaşylmadyk ýagdaýdy. Çünki Türkmenistanyň hökümetiň gözegçiligindäki telekanallarynda Berdimuhammedowyň görkezilmeýän ýekeje-de ýaýylymy ýokdy. Ýurda gün her gezek Berdimuhammedow bilen dogup, Berdimuhammedow bilen ýaşýardy.

Internetdäki sahypalarda, radiolarda, aýdymlarda, kliplerde, habarlarda, kitaplarda, diňe bir döwlet eýeçiligindäki ýerlerde däl hemme ýerde onuň suraty ýa-da ady bardy. Berdimuhammedowyň ýallakylary ony “gahryman“ yglan edipdi. Ýöne onuň haýsam bolsa bir gahrymançylygyna taryh şaýatlyk etmändi. Sebäbi gahrymanlyk, edermenlik, serkerdelik görkezer ýaly haýsam bolsa bir hadysa bolmandy.

Galybersede Nyýazowyň öz-özüne “Türkmenbaşy“ ýagny Türkmenleriň baştutany, lideri, kethudasy diýip yglan etmegine kemsinen Berdimuhammedow, öz-özüne “Arkadag“ diýip at berdirdi. Şeýle at bilen özüne “Türkmenleriň howandary ýagny arkasy“ diýdirmek isleýärdi. Ýöne onuň prezidentlik eden döwründe alajyny tapan Türkmenistandan gaçdy. Olaryň aglabasy güzeran kynçylygy sebäpli Türkiýe ýaly ýurtlara zähmet migrantlygyna gidip, Türkmenistandaky maşgalasyny ýa-da hossarlaryny ekleýär, daşary ýurtlarda gazanan puly bilen jaý salýar, ulag satyn alýar, toý edýär ýa-da çagalaryny okuwly hem öýli-işikli edýär. Käbir Türkmenistanly watandaşlar bolsa erkinligiň ýokdugy, adam hukuklary bilen demokratiýa haklarynyň gödek basgylanýandygy sebäpli bu ugurda Türkmenistandan has erkin hem medeni ýurtlara gidýär.

Berdimuhammedow ogluny prezıdentlige taýýarlaýar erkinses
Berdimuhammedow ogluny prezıdentlige taýýarlaýar / erkinses

Türkmenistan dünýädäki aýylganç senzuraly 3-nji ýurt bolup durýär

Metbugat işgärlerini goraýan halkara guramanyň hasabatyna görä Türkmenistan dünýäde senzuranyň iň aýylganç derejede bolan 3-nji ýurdy. Türkmenistanlylar iň köp manysyz gadagançylyklardan, kanunsyzlykdan, bidereklikden, parahorlukdan, hökümetiň basyşyndan, režimiň halkyň arasyndaky şugulçylaryndan we ýalýagylaryndan nägile. Türkmenistanlylar demokratiýa bilen adam hukuklary ýaly iň esasy hak-hukuklaryny haçanda daşary ýurtlara baranyndan soň bilip, aňyp, göz ýetirip hem öwrenip galýarlar.

Bilermenlere görä Türkmenistanda Berdimuhammedow gaty köp hak-hukugy basgylady. Onuň tarapdarlary, ýegenleri, tohumy we onuň daş-tşwereginde bolanlar ýurduň baýlygyny elhenç ýagdaýda talady. Olar döwletiň gaznasyny uly ýitgä uçradan tenderler we maksatnamalar bilen haram gazanç etdiler. Daşary ýurtlarda guran firmalarynyň üsti bilen Türkmenistandaky ogurlyk puluny başga döwletlere çykardylar. Olar gurluşyk maksatnamalary bilen galp puly akladylar we haram gazanç etdiler. Olar bulardan başga hem gaty köp kanunsyz işlere baş goşdylar.

Döwlet işgärleri bilen okuwçylaryň mugt ýygymçy höküminde ulanylýan ýurdy bolan Türkmenistanda “hak-hukuk“ diýip adalat gözlemek öz janyňa kast etmek hasaplanýar. Şunuň üçinem Türkmenistanyň tussaghanalarynda günäliler bilen günäsizler gatyşyp giden. Eger Türkmenistanda biri sizi basmagy ýüregine düwen bolsa onda gözüňiziň üstünde gaşyňyz bar bolsa şol ýeterlik. Garaz sizi basmak üçin günä toslamak ol ýurtda itiň aňsady. Türkmenistanda adalaty tapmak kyn bolmak beýlede dursun, düýbünden mümkin däl.

Halk näçe dymsa, diktatorlar şonça zalymlaşýandyr!

Erkin Sese maglumat beren hünärmenleriň bellemegine görä, Berdimuhammedowy hiç kim halanok. Ýurtdaky uly maşgalalar we tireler bolsa özara bäsleşik bilen gümra. Türkmenistanda Berdimuhammedowyň güýçden gaçmagy diýmek diňe bir onuň däl, eýsem ony goldaýan hemmeleriň kanunyň öňünde jogap bermegi ýagny jezasyny çekmegi diýmek. Elbetde bu kada-kanun bilen hem bolan biler. Ýöne “Täze könäni küýseder“ diýilşi ýaly diktatorlar halk näçe dymsa şonça azyp zalymlaşýar. Şonuň üçinem taryh we Gurhan şeýle zalym diktatorlaryň hekaýadyny mysal berip, halky täze Pyrawun we Nemrutlara garşy hüşgär bolmaga, agzybirlikde bileleşip göreşmäge we iň esasy güýjüň hem agzybirlikdigini nygtap, zalymlara garşy gorkman göreşmegi ündeýär.

Berdimuhammedowyň hassalanandygy, şol sebäpdenem 2019-njy ýylda birden ýitirim bolup Germaniýada saglygyna seretdirendigi käbir metbugat işgärleri tarapyndan öňe sürülipdi. Aslynda ünsden düşülmejek hakykat hem – çapyp barýan atdan dikbaşşaklygyna ýykylan biriniň beýnisine zyýan ýetmezliginiň geň-taňlygydyr.

“Karara geldim…“

63 ýaşyny geçen prezident öz ornuna ogluny oturtmak üçin ony dürli wezipelerde işleden boldy. Sebäbi bu ýurtda esasy kararlar demokratiýa, sesegoýulşyk, pikir alyşlyk usuly bilen kabul edilmeýär. Prezident “bir karara geldim“ diýýär we islänini islän wezipesine belleýär ýa-da işinden aýyryp goýberýär. Hiç kim “näme üçin?“ diýip sorap bilmeýär.

Ýurtda ýaramjaňlygyň çägi ýok ýagny özüni gyzyklandyrmaýanam bolsa dik durup, ençe sagatlap prezident Berdimuhammedowyň aýdýan sözlerini depderçä ýazýarlar. Bolmasa olaryň ýanynda taýýarjak stol bilen oturgyjam bar ahbetin. Ýöne hökümet işgärleri has ökde ýaranjaňlyk edip görkezmek ýaryşynda bolany üçin “Arkadaga bolan hormatyndan onuň öňünde oturyp bilenoklar we onuň agzyndan çykýan sözleri hem dik durman ýazyp bilenoklar“. Belki otyrýerleri oturara ýaraýan däldir…

Türkleriň Türkmenistan bilen gatnaşyk gurmagy gadagan

Türkmenistan ullakan bir teatryň sahnasy. Emma welin bu ýurt Türk dünýäsiniň parlak ýyldyzy bolup bilerdi. Türkiýeli her bir Türk özüni Türkmen, Türkmenistany bolsa atawatany hasaplaýar. Muňa gowy düşünýän Aşgabat hökümeti Türkleriň Türkmenistana barmagyny, ýurtda turizmiň ýaýbaňlanmagyny islemeýänem bolsa, beýleki tarapdan turistik maýagoýumlaryň yzyny üzenok.

Türkmenistanyň hökümetiniň gözegçiligindäki telekanallara tomaşa etseňiz hemmeler gülüp-oýnap, aýdyp aýdyp, tans edip, şatlykdan bökejekläp ýörendir öýdersiňiz. Eger Türkmenistanlylar bilen hakykatlar barada gürrüňdeş bolsaňyz, onda eşideniňize ynanyp bilmersiňiz.

Ynha Türkmenistan baradaky hakykat şundan ybarat. Eger egri aýdýan bolsak, onda munyň dogry ýerini görkezsinler. Meselem, serhedi açyp, wiza işini ýeňilleşdirsinler, Türkmenistanda islän ýerimize gidip bileliň, islän adamymyz bilen gürleşeliň, arkaýyn surat hem wideo düşüreliň. Eger režimiň tarapdarlary dogry aýdýan bolsa onda olaryň gorkmaly ýa-da gizlemeli zady bolmaly däldir.

Ýasama aktiwistler – halk hereketine oňaýsyz täsir etdi

Gurbanguly Berdimuhammedow ýadady, üstesine hem hassa we hökmany suratda dynç almaly. Gündelik habarlar üçin düşürilýän wideolardaky sport hereketleriniň özüne ýaramaýandygyny ýagşy bilýär. Onuň kejebesi darygýar. Ýurduň baýlygy we halkyň bankdaky puly hem onuň hyzmatynda. Ýurtdaky kanun bolsa onuň agzyndan çykýan “karara geldim“ diýen sözden ybarat. Muňa garamazdan 2020-nji ýylda aýaga galan Türkmenistanly jemgyýetçilik guramalar, adalat we adam ýaly ýaşamak isleýän Türkmenistanly watandaşlar Berdimuhammedowyň kejebesini ykjam daraldyp, keýpini boldy we aýylganç ýagdaýda darykmagyna sebäp boldy. Emma, tejribesiz, egosit we töhmet atyp, ýalan sözlemekden başga zada ýaramaýan ýasama oppozisiýa, ýasama aktiwistler sebäpli ýeňiş gazanaýmaly halk hereketleri gynansakda şowsuzlyga uçrady.

Göýä diktatorlyk režimi käbir jansyzlaryny hem şugulçylaryny halkyň arasynda sokup, garalama kampaniýalaryny etdiren, manysyz hem ýalan wadalar bilen halky aldawa salyp, yzýanyndan hem halkyň erkinlik hereketini bölen we şeýlelik-de ösen aň-düşünjeli edermen adamlary ýekän-ýekän orta çykaryp, soň olary ýitirimeden ýaly…

Häzirki günde ýasama hem başarnyksyz aktiwistler Türkmenistanlylara erkinlik göreşinde esasy päsgelçiligi dňretmekden başga işe ýaranok. Ýasama aktiwistler şeýlelikde Berdimuhammedowyň tohumy üçin olary goraýan gala öwrüldiler. Türkmenistandaky kanunsyzlygy, adam hukuklarynyň basgylanyşyny, hökümetiň basyşyny, diktatorlyk režiminiň halka çekdirýän zulmuny, gytçylygy, açlygy, işsizligi, parahorlugy we talaňçylygy dünýä düşündirmegiň deregine gaýtam ol ýasama oppozisiýa hem aktiwistler töhmetçilik bilen meşgullanyp, halka erteki gürrüň berdiler.

Gurbanguly Berdimuhammedow Türkmenistanda prezidentligi ýuwaşlyk bilen oglyna tabşyrýar. Ony dürli hökümet işlerinde işleden bolýar we oňa döwlet işlerini öwredýär. Sebäbi ol ýerde ähli kararlary diňe bir adam berýär. Bir adamyň “Karara geldim“ diýmegi bilen kanun döreýär.

Mirasdüşer prezident Serdar Berdimuhammedow

Prezident ýaly görünýän patyşanyň mirasdüşeri hem ogly Serdar Berdimuhammedow bolýar. Şeýlelikde ÝouTube kanallaryndaky wideolarda özüçe hökümet gurup, rewolýusiýa edýänleriň aýdan sözleriniň belli bir ugury bolman gaýtam edil peşmek ýaly ýeliň öwsen tarapyna gitm,ekden ybarat bolandygy ýüze çykýar. Ýasama oppozisiýa we aktiwistleriň her bir bolgusyz hereleti aslynda Berdimuhammedowyň tohumynyň häkimýetini güýçlendirýär we halky birleşdirmegiň deregine gaýtam agzala edip bölýär, adamlary garamaňlaý edýär. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň halky hem biygtyýar öz keç ykbalyna razy ýaly yza hinine çekilýär.

Gynansakda häzir nädogry küşt gşçümleri sebäpli Türkmen halkynyň öňünde juda az ýol-çykalga galdy. Şol bir wagtda halk hem bu döwürde kimiň-kimdigine ymykly göz ýetirmäge pursat tapdy. Şan-şöhratly taryha eýe Türkmen halky sabyrly hem çydamly halk, ýöne akmak we oýnatgy däl. Adamzat taryhy Türkmenleriň ata-babalarynyň gazanan söweşlerini, guran imperatorluklary bilen döwletlerini hem edermen Türkmen döwlet adamlarynyň edendigini taryplap ýazýar.

2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň gol çeken permany:

Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine belläp, Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girizmeli hem-de ony Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly.

Serdar Berdimuhammedow häzir 39 ýaşynda. Onuň syýasy ösüşi diýseň çalt boldy. Munda onuň öz başarjaňlygynyň roly barmy ony bilmek kyn. Ýöne bilinýän bir hakykat bar we ol hem onuň kakasynyň ýeke oglydygy.

Ene-atalar öz çagalary üçin hemme zadyň iň gowusyny isleýär şeýle dälmi? Gurbanguly Berdimuhammedow hem öz ogly Serdar BerdimuhammedowyTürkmenistanyň prezidentligine taýýarlaýar.

Mundan owalkylar: Türkmenbaşy, Arkadag… Indiki kim?

Türkmenistanyň ilkinji diktatory özüne “Türkmenbaşy“ diýdirdi. Onuň yzýanyndan ikinji diktator bolsa özüne “Arkadag“ diýdirdi. Türkmenistanlylar Serdar Berdimuhammedowyň prezidentligi bilen ýurtda 3-nji diktatorlyk döwrüniň başlajakdygyny pikir edýär. Ýogsam ýaş prezident özüne näme diýdirerkä? “Men siziň hudaýyňyz öňümde egiliň, men Türkmenleriň ylahy-älemi“ diýäýse oňa garşy çykyp biljek biri barmy?

Muny elbetde wagt görkezer…

Ragyp Kämil Ilbegi

Erkin Ses metbugat guramasynyň başlygy

Terjime: Döwlet Baýhan

İlk yorum yapan siz olun

Bir cevap yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir